"Dejavu" restoran
Restoranlar
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli fransuz aşhanasynyň «Dejavu» restorany kiçijik myhmanlary we olaryň ene-atalaryny 1-nji iýunda sagat 12:00-dan 15:00-a çenli aralykda guraljak baýramçylyk çäresine gatnaşmaga çagyrýar. Restorana geljek myhmanlar animatorlaryň guraýan ýaryşlarydyr oýunlaryndan, çagalaryň gyzykly hem şowhunly maksatnamasyndan lezzet alyp bilerler. Şeýle hem çagalaryň döredijilik ukyplaryny synamak maksady bilen, olaryň öz elleri bilen gyzykly bir zat döretmegine bagyşlanan ussatlyk sapagy bolar. Elbetde, datly tagamlar bolmazdan, baýramçylyklary göz öňüne getirmek mümkin däl. Esasanam, kiçijik gurmanlar üçin bu ýerde pizza, kitirdewük naggetsler, ýeralma frisi, sowuk miweli içgiler we süýjülikler hödürlener. Giriş peteginiň bahasy: 350 manat.
Salgy
10-njy mkr, «Dagbaşy» binasy, Aşgabat, 10 Etrap
Iş wagty
23:00 çenli açyk