Takmyn

Kiberone bilim merkezi

Okuw merkezleri

Kiberone Halkara kiber mekdebi Aşgabat şäherindäki mekdep okuwçylaryny programmirleme we sanly tehnologiýalar boýunça okuwlara çagyrýar. Kiberone kurslary programmirlemekden başga-da, grafiki redaktorlarda işlemegi, wideoklipleri we multfilmleri döretmegi hem-de redaktirlemegi, Web we dükan üçin amaly programmalary we oýunlary döretmegi, emeli intellekt we wirtual hakykat bilen işlemegi, kodlary okamak we olardan peýdalanyp bilmek ukybyny öwredýär. Iňlis dilini öwrenmek bilen birlikde, jemi 50 ugur (modul) boýunça sapak berýär. Bu kurs programmasy her moduly yzygiderli öwrenmek ýörelgesine esaslanýar. Çagalara niýetlenen sapaklar oýunlar görnüşinde geçirilýär. Amaly maşklara köp üns berilýär – ol maglumatlaryň umumy mukdarynyň takmynan 80% -i düzýär. Teoriýa has az üns berilýär, şonuň netijesinde kursa gatnaşyjylar ilkibaşdan zerur bolan hünärleri we başarnyklary öwrenýärler we geljekde özbaşdak ulanyp bilýärler. Okuwçylar ýaşy boýunça üç topara bölünýärler, her toparyň aýratyn okuw meýilnamasy bar. Häzirki wagtda, galyberse-de geljekde durmuşyň ähli ugurlary diýen ýaly IT tehnologiýalary bilen baglanyşykly bolansoň, olara ýokary derejede erk edip bilmek durmuşda öz ýoluňy we ornuňy tapmaga saldamly goşantdyr. Bazar şertlerinde sanly tehnologiýalar bilen bagly ähli hünärler uly islege eýedir. Kiberone kiber mekdebi, çagalar we ýetginjekler üçin IT-tehnologiýalary öwredýän ilkinji halkara mekdepdir. Kiberone Microsoft korporasiýasy tarapyndan kwalifisirlendi, BMG we UNESKO tarapyndan çagalar üçin iň gowy sanly tehnologiýalar taslamasy diýlip ykrar edildi.

Salgy

Atamyrat Nyyazow (Çehow)şaýoly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Aşgabat, Köpetdag etraby

Kartadaky bina

Iş wagty

Ertir 11:00-da açylýar

şen: 11:00–18:00
ýek: 11:00–18:00

Habarlaşmak we salgylar

+99363639192

+99362525638

ashgabat.kiber-one.com

@sanlysowat_kiberonetm

@kiberone_ny_bot

@sanlysowat_amakidstm

ashgabat@kiber-one.com