Hezreti Omar Metjidi
Metjitler
Metjit 2018-nji ýylyň sentýabrynda açyldy. Umumy meýdany 13 müň inedördül metrden gowrak bolan metjidiň binagärlik keşbi milli binagärligiň iň gowy däplerine hem-de bu ulgamda häzirki zaman ýörelgelerine laýyk gelýär. Metjidiň gurluşygynda iň täze tehnologiýalar hem-de ýokary hilli gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri ulanyldy. Binanyň täsin we köpöwüşginli yşyklandyrylyşy agşamlaryna onuň görküni has-da artdyrýar.
Salgy
Parahat 7, Aşgabat, Parahat 7/3