Andalyp adyndaky Sazly Drama Teatry
Teatrlar we konsert zallary
1938-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry professional teatr hökmünde öz işine başlaýar. Teatryň täze binasynyň 500 orunlyk tomaşa zaly bar. Binanyň birinji gaty tomaşaçylara we sahna hyzmat edýän ulgamdan ybaratdyr. Muňa petek gaznalary, eşik saklanylýan otaglar, artistler üçin serenjamhanalar, sahna çykmak üçin garaşylýan otag, teatrda görkezilýän oýunlaryň bezegleriniň saklanylýan ýeri, kitaphana, kafe we beýleki durmuş hajatlary üçin ulanylýan otaglar degişlidir. Bu ajaýyp binanyň ikinji gatynda girelge eýwany ýerleşýär. Bulardan daşary ikinji gatda 75 orunlyk kiçi göwrümli tomaşalaryň geçirilýän ajaýyp eýwany ýerleşdirilendir.
Salgy
Görogly köçesi, 43, Daşoguz
Iş wagty
18:00 çenli açyk