Takmyn

Alp Arslan adyndaky Milli Ýaşlar Teatry

Teatrlar we konsert zallary

Türkmenistanda Ýaş tomaşaçylar teatry ilkinji gezek 1937-nji ýylda döredildi. 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýer titremesi zerarly, teatryň binasy tutuşlaýyn ýykyldy hem-de teatr öz işini togtatdy. Teatr 1964-nji ýylyň 14-nji noýabrynda şol wagtky Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky akademiki teatrynyň jaýynda wagtlaýyn öz işine başlady. 1979-njy ýylda Ýaş tomaşaçylar teatryna SSSR-iň halk artisti we ilkinji direktory A. Gulmämmedowyň ady dakylýar. 2001-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen A.Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynyň binýadynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli ýaşlar teatry döredildi. 2006-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda teatr Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň ugrunda bina edilen täze jaýa göçüp bardy. Teatryň bu täze binasynyň 200 orunlyk kiçi we 800 orunlyk uly sahnalary bar.

Salgy

Arçabil (1939) şaýoly, 46, Aşgabat, Köpetdag etraby

Kartadaky bina

Iş wagty

47 minutdan açylýar

siş: 09:00–18:00
çar: 09:00–18:00
pen: 09:00–18:00
ann: 09:00–18:00
şen: 09:00–18:00
ýek: 09:00–18:00

Habarlaşmak we salgylar

+99312481149

+99312481143

@alp_arslan_teatry

@alp_arslan_teatry

alparslanteatry.gov.tm

Aýratynlyklar

Kart bilen tölegAwtoduralga