Takmyn

Arkadag Oteli

Myhmanhanalar

“Arkadag” myhmanhanasy Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlup, ulanylmaga berildi. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr. 14 gatly myhmanhananyň beýikligi – 76,5 metre we uzynlygy 290 metre deň bolup, merkezi binadan hem-de oňa goşulýan iki binadan ybaratdyr. Merkezi bina goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir. Myhmanhananyň çäginden emeli derýanyň geçmegi bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Derýanyň ugrunda dynç almak we gezelenç etmek üçin niýetlenen seýilgäh zolagy göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem myhmanhananyň “Ak öý” görnüşinde gurlan milli aşhanasy öz aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Myhmanhana hyzmatlarynyň halkara standartlaryna laýyk gelýän adaty otaglar bilen bir hatarda, myhmanhanada maslahat zallary, restoranlar, dükanlar, internet kafe, ýüzüş howzy we saunalary bolan SPA zolaklary, sport meýdançalary hem öz içine alýar. Kaşaň myhmanhananyň ulanylmaga berilmegi şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanandyr.

Salgy

Çandybil şaýoly, Aşgabat, Köpetdag etraby

Kartadaky bina