Takmyn-y telefonyňyza guruň
Aşgabat, Arkadag, Türkmenabat, Mary, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherleriniň takyk kartasy, guramalaryň sanawy, jemgyýetçilik ulagy we sesli ugur görkeziji.
Takmyn — Android üçin programma
Doly oflaýn kartalar, sesli nawigator (türkmen we rus dillerinde) we tiz gözleg.
Täzelikler we mümkinçilikler
Türkmenistanyň ähli şäherleriniň oflaýn kartalary, guramalaryň doly gollanmasy, jemgyýetçilik ulagy we sesli nawigasiýa.
APK-ny nädip gurmaly (3 ädim)
«APK ýükläp al» düwmesine basyň we takmyn.apk faýlynyň ýüklenmegine garaşyň.
Faýly açanyňyzda Android howpsuzlyk soragyny çykarsa, «Sazlamalar» (Настройки) → «Şu çeşmeden gurmaga rugsat ber» (Разрешить из этого источника) diýen belligi açyň (meselem, Chrome üçin).
«Gur» (Установить) düwmesine basyň. Programmany açanyňyzda öz şäheriňiziň oflaýn kartasyny ýükläp bilersiňiz.
Programma täze wersiýalaryň çykandygyny özi barlaýar we täzelenmäni göni programmanyň içinde teklip edýär — el bilen gaýtadan gözlemek ýa-da saýta girmek gerek däl.
SHA-256 barlag kody (faýlyň hakykylygyny barlamak üçin)
e4a9e0f27a6bef93d173f8e8e558055068b0dbb0b29227abcaea5ff0c8c46511
Takmyn — iPhone we iPad üçin
Safari arkaly «Baş ekrana» (На экран «Домой») gurnalýan doly ekranly web-programma.
Safari-de «Baş ekrana» nädip goşmaly (3 ädim)
takmyn.com.tm sahypasyny Safari-de açyň we ekranyň aşagyndaky (ýa-da ýokarsyndaky) ýokaryk peýkamly kwadrat nyşana basyň.
Açylan sanawy aşak süýşürip, «На экран «Домой»» («Add to Home Screen») setirine basyň.
Ýokarky sag burçda «Добавить» («Add») düwmesine basyň — Takmyn nyşany iPhone-yň baş ekranynda peýda bolar.
Telegram, Instagram ýa-da başga brauzeriň içinden açylanda «Baş ekrana» goşmak düwmesi görünmeýär. Salgyny göçürip, Safari brauzerinde açyň:
https://takmyn.com.tm/
Web-kartany aç